Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

DÖWLETLILIGIŇ MILLI DEMOKRATIK ÝOLY BILEN TÄZE BELENTLIKLERE

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Döwletliligiň milli demokratik ýoly bilen täze belentliklere» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk çärelerine mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň syýasy partiýalaryna we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm wezipeler degişlidir. Hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek  döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek milli ýörelgelerimize esaslanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata-babalarymyzyň adalaty ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, halk bähbitli çözgütleri belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlar diňlenip, taryhy çözgütler amala aşyrylar. Gahryman Arkadagymyz «Ömüriň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynyň «Giriş» bölüminde «Mähriban adamlar! Ata-babalarymyzyň «Ilim-günüm bolmasa Aýym-Günüm dogmasyn» diýen nakylynda tükeniksiz many bar. Häzirki döwürde bu nakylyň ähmiýeti has-da ýiti duýulýar. Çünki ata-babalarymyzyň türkmençilik ýörelgelerine, durmuşynyň ýazylmadyk kadalaryna ygrarly il-halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti halklaryň bitewi ykbalyny döredýän adamkärçilik kadalarynyň binýadynda ösdi we özgerdi. Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz gelejegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin», diýmek bilen her bir ynsanyň mukaddesliklere, halallyk ýörelgelere, zähmetsöýerlige, sahawatlyga, ynsanperwerlige kalbyňda orun bermelidigini, döwleti döwlet edýän adamlardygyny nygtaýar. Ine şeýle parasatly sözler kalbyň töründe baky orun alýar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pentleri öwüt-ündewleri, milli ýörelgeleri ähli ynsanlar üçin durmuş mekdebidir.

Halkymyzyň bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwletli tutumlary nazarlaýan beýik maksatnamalary has-da rowaçlansyn.

TSTP