Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taýýarlyk işleri barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolar. Bu taryhy maslahatyň geçiriljek gününiň barha golaýlaşýan çaglarynda baş baýramymyzyň joşguny bilen doly köňülleriň owazyna garylan sözler dile gelýär. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, «Dile gelen sözler köňül nagşydyr».
Beýik baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşup, buýsanjyny artdyrar. Bu taryhy mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler il sylagly ýaşulularyň we jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylar we mundan beýläkde durmuşa geçirilmeli tutumly işleriň, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitleniler.
Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň barha gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri has-da rowaç alsyn!
TSTP