Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

MEDENIÝETIMIZ, SUNGATYMYZ-ŞÖHRATYMYZ ŞANYMYZ

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we maddy däl medeni-mirasymyzy, milli gymmatlygymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde beýik ösüşlere beslenip batly gadamlar öňe barýar.

Ýurdumyzda milli mirasymyza däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekgi nesillerimize ýetirmek üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlaryny wagyz etmeklikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri hem işjeň zähmet çekýärler. 

Diýarymyzyň ösüşlerine we buýsançly taryhyna buýsanmaga ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşamaga zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys, janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP