Şu gün şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda maslahat geçirildi.
Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykdy. Garaşsyz Watanymyz bu gün Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy giňden toýlanar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilmegi göz öňüne tutulýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, sözüň doly manysynda, döwletliligiň geňeşine öwrüldi. Maslahatyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilmegi bolsa pederlerimizden gelýän asylly däbiň – toýa uly bir geňeş bilen başlamak däbiniň mynasyp dowamatyna öwrüldi. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýeti barha kuwwatlanýar. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha belende galmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
TSTP