Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda “Halk Maslahatyň ähmiýeti” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her günimiz toýdyr baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň ýokary derejelere çykarmak maksady bilen kabul edilen Maksatnama halkymyz tarapyndan doly goldamak bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen her ýylda däbe öwürlen Halk maslahaty geçirilýär.
Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk.
Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her günimiz toýdyr baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetiň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşaşyjylar häzirki zaman hakykatlaryny, dünýädäki ykdysady we syýasy ýagdaýlarynyň üýtgeýandigini nazara alyp döwlet edaralarynyň, şol sanda wekilçilik edýän guramalaryň işini gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtap geçdiler. Mejlisiň dowamynda kabul edilen möhüm çözgütleriniň biri, ol hem halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi boldy. Bu edaranyň başlyklygyna Gahryman Arkadagymyz saýlandy. Ol häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşine goşan uly goşandy üçin – Milli Lider adyna hem mynasyp boldy. Başgaça aýdylanda, iki palataly bolan Milli Geňeşiň bir palataly, kanun çykaryjy edarasyna Türkmenistanyň Mejlisine öwrülip, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda wekilçilik edýän häkimýetiň orny güýçlendirildi. Mundan beýläk halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýelär.
Türkmen halkynyň paýhasly pederleri işlerini edil şonuň ýaly amala aşyrypdyrlar. Asylly däbe eýerip geňeş esasan ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň sesi has täsirli eşidilýär. Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar. Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak, hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar. Taryhy ähmiýetli Mejlisiň dowamynda aýdylşy ýaly bu wakanyň yurdumyzda halk demokratiýasynyň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edip, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.
TSTP