Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: BAGTYÝAR DURMUŞYŇ WE SAZLAŞYKLY ÖSÜŞIŇ UGRY BILEN

    Şu...

  • TARYHY TUTUMLARA BESLENÝÄN DÖWÜR

     

    G...

  • HALK MASLAHATY: ASYLLY ÝÖRELGELER WE NUSGALYK TAGLYMAT

      &n...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – MILLI DÖWLETLILIGIŇ DAÝANJY

    Beki Seýtäkow...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-MILLI JEBISLIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Arkadag...

HALK MASLAHATY-ŞÖHRATLY PEDERLERIMIZIŇ HALK HÄKIMÝETLILIK BARADAKY DÄPLERINIŇ DOWAMY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler zalynda “Halk Maslahaty-şöhratly pederlerimiziň halk häkimýetlilik baradaky däpleriniň dowamy” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň ösüşli ýolunda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzy ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Türkmen döwletiniň häzirki durnukly ösüşini saklamakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň gerimini barha giňeltmekde, bu özgertmelerde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň, döwletiň syýasy ulgamynyň kämilleşdirilmeginde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi,  ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna üstümizdäki ýylyň geçen döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, ähli ugurlarda gazanylan ösüşleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Bu mejlisde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly,  hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen telekeçileri üçin uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

TSTP