Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda partiýasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty-halkymyzyň jebisliginiň aýdyň nusgasy» atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi.
Bu maslahatda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly, Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP