Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALKYMYZYŇ JEBISLIGINIŇ SYNMAZ GÜÝJIDIR

Golaýda şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Golaýda paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisinde munuň bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ähliumumy forum Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde duran möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ol adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär.

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir.

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, jemgyýetçilik we döwlet durmuşy jähetinden möhüm ähmiýete eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeneki tutumly işlere badalga bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Hormatly Prezidentimiz Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe rowaç bol­sun!

TSTP