Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan zähmet çekýän we öýde oturan zenanlaryň el hünärini ýaýmak hem-de halkymyza ýetirmek maksady bilen “Zenan eli gyzyl gül” atly sergili duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem halkymyzyň milli mirasy belent ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gelin-gyzlarymyzyň el işlerine, senetçilik sungatyna aýratyn sarpa goýulýar. Ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän milli el işlerini aýawly saklap, häzirki döwürde zamanabap röwüşde dowam etdirýän zenanlar welaýatymyzda-da sanardan köp.
Häzirki wagtda ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän milli el işlerine gadyr-hormat has-da artýar. Türkmen zenanlary tarapyndan ýerine ýetirilýän şol gymmatlyklar olaryň näzik dünýäsi bilen özboluşly sazlaşyp, olary has owadan hem salyhatly görkezýär. Çünki on barmagyň oýnamyndan döreýän gudrat zenanlaryň içki hem daşky gözelliginiň sazlaşygydyr. Şonuň üçin häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň el işleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde ykrar edilýär. Onuň şeýledigi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen zenan el işleriniň mysallarynda aýdyňlygy bilen görünýär.
Zenanlar hemişe gözelligiň gözleginde, owadan ýaşaýşyň yşgynda. On barmagyndan sünnälenip çykan işleri bilen mundan beýläk hem özlerini, öýlerini, Watanymyzy bezemäge çalyşýarlar.
Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
TSTP