Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Arçalyk” hojalyk jemgyýetinde “Telekeçilik işi uly üstünliklere beslenýär” atly düşündiriş ähmiýetli duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hususy ulgamda zähmet çekýän her bir raýatymyz döwletimiz tarapyndan goldanýandygy. Önümçiligimizi has-da kämilleşdirip, ýurdumyzda mümkin boldugyça importyň möçberini azaldyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek üçin özleriniň saldamly goşantlaryny goşup, ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazaryna çykaryp, daşary ýurt harytlary bilen bäsdeşlik etmek üçin harytlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli önümçiliklerde dyngysyz zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar diýip belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar hususyýetçilere ýokary derejede geçirilýän iri işewürlik çärelerine gatnaşmaga, önümlerimizi daşarky bazara çykarmaga ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
TSTP