Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Berkarar döwletde – beýik Pyragy

2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletde – Beýik Pyragy” atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň  türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny, dünýä tanatmak ugrunda taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende göterildi. Şahyryň döredijiliginde ýaşlara öwüt ündew, terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda duşuşykda çykyş edenler belläp geçdiler. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk,bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Duşuşykda  milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP