Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Özgertmeler syýasaty: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Özgertmeler syýasaty: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly maslahaty geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçilerine uly ynam bildirilýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly telekeçiler “Pähim-Paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda uly ýeňişleri ýüreklerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döretýärler zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyzyň: “Telekeçiler ýurdymyzyň altyn gaznasydyr” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar telekeçilere uly ynam bildirilýär. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Çünki Milli Liderimiziň binýadyny goýan, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde, Berkarar Watanymyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.

Gazanylýan ýeňişler esasynda günleriň günlerden, ýyllaryň ýyllardan zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň şeýle göreldesi biz – telekeçiler üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Türkmen telekeçileri üçin uly tagallalary edýän, bize her bir işde görelde bolýan, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesinde sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

TSTP