Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek we gorap saklamak üçin uly tagallalar edýär. Her ýylyň iýun aýynda medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli dürli mazmunly baýramçylyk dabaralary guralýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda “Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr” diýip belleýşi ýaly milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, onuň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, sungat derejesine ýeten senetçiligimizi, amaly-haşam, şekillendiriş sungatymyzy, milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Türkmen halkynyň ruhy medeniýetini, saz sungatyny ösdürmekde türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýetiren täsiri uludyr. Milli şahyrymyzyň goşgulary dillerimizde dessan bolup, aýdymlara öwrüldi. Magtymguly Pyragy diňe öz döwrüniň däl, eýsem ähli döwürleriň, nesilleriň şahyrydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde, şöhraty dünýä dolan beýik şahyra goýulýan sarpa uludyr.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde ýürek buýsançlar, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, edep-tertip barada hem-de gelin-gyzlarymyzyň gözelligini wasp edýän goşgudyr şygyrlary beýan edildi.
Çykyşlarda eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň abraýyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyşly sözlerini beýan etdiler.
TSTP