Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Welosipedli ýöriş-sagdynlygyň kepili

Şu gün şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň üçin Diýarymyzda ähli zerur şertler bar. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, netijeli türgenleşmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli we halkara derejedäki ýaryşlary guramak üçin döwrebap ugurdaş infrastruktura döredildi. Welosiped barada aýdylanda, ol meşhur sport ulagy bolmak bilen, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişdedir. Umuman, ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň ilerledilmegine ýardam berýär. Şunda Türkmenistanyň toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goramak strategiýasyny amala aşyryp, ählumumy meseleleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini, bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden ykrar edilýär we goldanylýar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. 

Türkmenistany sportuň we sagdynlygyň mekany hökmünde dünýä tanadan, Türkmenistan Watanymyzy bagtyýarlyk ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

TSTP