Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň garaşsyzlygyny asyrlar boýy arzuwlap gelen şahyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň garaşsyzlygyny asyrlar boýy arzuwlap gelen şahyr” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär.

Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä tanalan, özüniň şygyrlary bilen adyny ýüreklere nagyşlan umumadamzat şahyrydyr. 

2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary sylagyň hem-de onuň dürdäne şygryýetine goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Beýik şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly pelsepesi ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak işleri giňden alnyp barylýar. Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP