Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

Sagdyn nesil, sagdyn jemgyýet ýetiljek belent maksatlaryň gözbaşy

2024-nji ýylyň 30-njy aprelinde Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn nesil, sagdyn jemgyýet ýetiljek belent maksatlaryň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesiller babatynda edilýän çäksiz aladalaryň asyl maksady barada hem-de Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam babatynda giňişleýin duryp geçdiler. Esasan hem ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak üçin ýaşlary telekeçilik işine çekmegiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. Ýagny ýaşlary telekeçilige çekmek bilen olaryň öz wagtlaryny netijeli peýdalanmagy gazanylýar we telekeçilik işiniň ösüşi üçin ilkinji ädimler ädilýär diýip duşuşykda çykyş edenler aýdyp geçdiler. Şeýle-de Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy öz çykyşynda ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmek üçin bar bolan mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdi. Şeýle-de ýaşlary telekeçilik işi bilen meşgullanmaklyga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky edilýän aladalar üçin hem-de hususy ulgamyň ösmegi üçin döredilýän ähli şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtmak bilen, uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

TSTP