Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Baýdak – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir

Şu gün şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda maslahat duşuşygy geçirildi. 

Ýurduň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy onuň hukuk sütüni hem-de garaşsyzlygynyň mizemez nyşany bolup durýar. Hukuk nazaryýetinde bellenilişi ýaly, Konstitusiýa ýurduň esasy hukuk namasy bolup, onuň kadalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we çäk gurluşynyň binýatlaýyn başlangyçlaryny, döwletiň hukuk ýagdaýyny, onuň jemgyýet, şahsyýet hem raýat bilen özara gatnaşygynyň hukuk esaslaryny, şonuň ýalyda döwlet häkimiýet edaralarynyň gurluşyny kesgitleýär. Ýurduň esasy tapawutlandyryş nyşany bolan Baýdagy halkyň asyrlar boýy taryhyny, milli aýratynlyklaryny özünde mazmunlaýyn jemleýär. Berkarar ýurdumyzyň adalatly hem ynsanperwer Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň-Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň bardygy, döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenilýändigi barada aýdylýar. “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň halkymyzyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy bellenilýär. 

Merdana halkymyzy bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP