Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň şanly 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat eden “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”  atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary “Hezzet” hojalyk jemgyýetiniň medeni dynç alyş öýünde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Bagtyýar ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän bu dabaralar naýbaşy toýumyzyň baýramçylyk çäreleri bilen sazlaşdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda “Hezzet” hojalyk jemgyýetiniň medeni dynç alyş öýüniň işgärleriniň arasynda geçirilen dabara has-da täsirli boldy. Dabaralarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň şanly toý mynasybetli il-günümize gymmatly sowgat bolandygyny, onda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli ýörelgeleriniň çuň many-mazmun bilen okyjylara ýetirilýändigini bellemek bilen, täze eseriň terbiýeçilik ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň dowamynda toplan gymmatly tejribesini aýawly gorap saklamagyň her birimiziň borjumyzdygy barada aýratyn durup geçýär.

Dabaralarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabyndan bölekler okaldy hem-de şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP