Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Sport bäsleşikleri geçirildi

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, bütin jemgyýet üçin iň naýbaşy gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň aprel aýynyň 4-6-sy aralygynda “Gujurly bilim merkezi” hojalyk jemgyýetinde “Halkymyzyň saglygy-döwletimiziň baş baýlygy” atly uly ýaşly diňleýjileriň arasynda “Küşt” we kiçi  ýaşly diňleýjileriň arasynda “Stol tennis” sport bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda bäsleşigiň netijesi boýunça aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ahyrynda çärä gatnaşyjylar ýaş nesillerimize giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

TSTP