Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty halkymyzy beýik işlere şöhratlandyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň haly kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty halkymyzy beýik işlere şöhratlandyrýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum, agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýan her bir çäre bagtyýar halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen ajaýyp ýörelgeleriniň günbe-günden rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäni haýrana goýýan ajaýyp işleriniň has-da rowaçlanmagyny, beýik-beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP