Halkymyz täze taryhy döwrüň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly buýsançly şygara beslenen ýylyny belent maksatlara, täze üstünliklere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesini “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly başlangyjy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine uly itergi berýär.
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler zalynda ,,Halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň beýany döwletliligiň nusgasy,, atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden bäri iki ýylyň içinde edilen işler, ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, öňde durýan wezipeler, ýurdumyzyň parahatçylygy, abadançylygy, depginli ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygy barada giňişleýin çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP