Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilendir

Täze taryhy döwründe Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda uly işleriň alnyp barlyşy ýaly telekeçilik ugrynda hem bimöçber işler alnyp barylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär. Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy. 

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilendir” diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahatda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berilmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň  ähli ugurlarynda işleriň giňişleýin ýaýbaňlandyrylýanlygy babatda  giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda,  maslahata gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda alyp barýan il-ýurt bähbitli  işleri dogrusynda alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP