Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Ýurdumyz berkarar-zenanlar bagtyýar

5-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň   mejlisler jaýynda  « Ýurdumyz berkarar-zenanlar bagtyýar»  atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

 

Baharyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde baýram edilip bellenilýän 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu ajaýyp çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  hem-de  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen  bilelikde guraldy. Oňa hususy pudakda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

 

Uly joşguna beslenen baýramçylyk çäresi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly  çykyşlary bilen utgaşdy. Ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren  şirin owazly aýdymlary gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. 

 

Onda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeniýetinde hem-de beýleki ugurlarynda gazanylýan ösüşlerde zenanlaryň uly orunlarynyň bardygyny buýsanç bilen beýan etdiler.

 

Dabaranyň ahrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. 

TSTP