Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

Zenan zeminiň güli

Dünýäniň durky hem görküne deňelýän , adamzat ýaşaýşynyň bezegi bolan mährem ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpadan, baýramçylyk günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda giňden bellenilip geçirilýär. ,,Pähim - paýhas ummany Magtymguly pyragy,, ýylynyň  27-nji fewralynda paýtagtymyzyň ,,Gül zemin,, toý mekanynda Aşgabat şäheriniň  häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  bilelikde gurnamaklarynda ,, Zenan bilen zemin gülleýär,, atly aýdym-sazly baýramçylyk  çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde çykyş eden aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler. Şeýle-de Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu aýdym-sazly çäräň dowamynda meşhur estrada aýdymçylary mähriban zenanlar üçin milli hem-de dünýäniň nusgawy aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Garaşsyz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlaryny hem-de bu ajaýyp bahar baýramyny wasp edýän aýdymlar bilen tamamlandy. Çäräniň ahyrynda Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy.

TSTP