Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Mährem zenanlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Aşgabat şäher  komitetiniň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Abadan haly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde “Dünýäniň gözelligine has-da gözellik goşýan mährem zenanlar” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen baýramçylyk çäresinde Abadan haly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde  zähmet çekýän gyz-gelinlere  halkara zenanlar güni mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Şeýle-de partiýanyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher  komiteti tarapyndan taýýarlanylan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Baýramçylyk çäresine gatnaşan gyz-gelinler şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP