Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň haly kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Halkyň abadançylygy iň uly maksat” atly wagyz-nesihat maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şol bir wagtda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Ýokary derejedäki durmuş üpjünçiligi bolsa umumy jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP