Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi

Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda “Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy Arslan Täşliýew açyp, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, bu işlerde zenanlaryň mynasyp orny barada gürrüň berdi. Enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan zenan mertebesini belent tutmak ýaly asylly däpleriniň üstünde durup geçdi. Şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny goramak, maşgalany, eneligi we çagalygy goldamak babatda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Eneleri dünýäniň durkuna, gelin-gyzlary durmuşyň bezegine deňelýän ajaýyp Watanyň buýsançly zenanlary bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşan zenanlar ýürek buýsançlaryny, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

TSTP