Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Telekeçi zenanlar ösüşli ýollarda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw-hemaýat bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilerimize goldaw-hemaýat bermeginde bu günki gün bagtyýar döwrümizde telekeçi zenanlarymyzyň hem uly üstünliklerini ýatlap geçmek ýakymly. baýramçylyk günlerimizde ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy, ýylynyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda – telekeçi zenanlar ösüşli ýollarda” atly, sergili, aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäre ilki bilen, Hormatly Prezidentimiziň telekeçi zenanlarymyza berýän goldaw-hemaýatlary üçin alkyş sözler bilen açyldy. Baýramçylyk çäresinde ýaş telekeçi zenanlarymyzyň ellerinden çykan el işleri görkezildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäräniň dowamynda görkezilen gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan dörän el işleriniň sergisi, mährem zenanlarymyza goýulýan sarpaly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde görkezilen sergi we mährem zenanlarymyza bagyşlanyp ýerine ýetirilen aýdym-sazlar baýramçylyk çäresine gatnaşan adamlaryň göwün guşyny ganatlandyrdy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda zenanlarymyzyň mertebesini belent tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.

TSTP