Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Zenan kalby- bahar ýaly mylaýym

Şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlara goýulýan hormat has-da täze öwüşgine beslendi. “Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatyna döwletimiz aýratyn sarpa goýýar” diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Olar erkekler bilen deň derejeli hukuga eýe bolup, dürli ugurlarda tutanýerli zähmet çekýärler, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyny, gülläp ösmegini, syýasatda ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda täze belentliklere çykmagyny gazanmaga goşant goşmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal gyzlara pul sowgatlary hem gowşurylýar. Berkarar ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary özleri üçin edýän çäksiz aladalary hem-de zenan mertebesine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlar aýdýarlar.

TSTP