Şu günler ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty: aýdyň geljek, bagtyýar durmuş” ady bilen geçirilýän maslahatlar giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanan şeýle maslahatlaryň biri şu ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bilelikde guramagynda ady agzalan uniwersitetiň mejlisler jaýynda geçirildi. Maslahata degişli toplumlaryň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulýan ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlary durmuşa geçirmek babatda gymmatly maslahatlaryny berendigini aýratyn nygtadylar. Maslahatyň dowamynda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreleri öz içine alýan maksatnamada önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmagyň, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň, eksporty artdyrmagyň, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilendigine bu taryhy mejlisde aýratyn üns çekildi. Maslahatyň ahyrynda bular barada giňişleýin söz sözlänler ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmekde möhüm ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize hem-de bu ugurdaky işlerde jemgyýetiň we döwletiň tagallalaryny birleşdirmäge mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
TSTP