Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň okgunly ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, şu ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty – Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan, häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi we ýurdumyzda durnukly we ygtybarly ösüş dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda 9-njy fewralda ýurdumyzda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň seljermesine garalyp, ýylyň jemi boýunça geçirilen giňişleýin Mejlisden çen tutyp, ýurdumyzyň ykdysady ösüş depginleri dogrusynda hem aýdyp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda, maslahata gatnaşyjylar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrynda edýän uly aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP