Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Pyragynyň eserleri – halk kalbynyň owazy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda “Pyragynyň eserleri – halk kalbynyň owazy” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da güýçlenýär. “Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň pähim paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Lidermiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpa täze belentliklere göterildi. Beýik akyldaryň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýar. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginiň içinden watançylyk, il-ýurt, dost-doganlyk, wepalylyk,ynsan terbiýesi, halal hem arassa zähmet bilen bagly temalar eriş-argaç bolup geçýär. Beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligini dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolup beýik işleri üstünliklere beslensin!

TSTP