Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly eserinde aýdylan çuň manyly setirlerde ata babalarymyza goýulýan sarpa we bu babatda Beýik Pyragynyň parasatly setirleri barada “Pederleriň Pendi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýurdumyzda gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ulydan toýlanjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olara nusgawy edebiýatymyzy öwretmek we wagzy etmek jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň asylly maksatlary bolup durýar. Şeýle asylly maksatlaryň netijesinde partiýa agzalary bilen duşuşyklary geçirmek işleri ýola goýulýar. Şunda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary hakynda söhbet edilýär. Geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda şahyryň ýaşlara görelde mekdep bolup durýandygy baradaky çykyşlar has täsirli bolup. Çärede ýurdumyzyň baý taryhy medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan etdiler.

TSTP