Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýyla ruhubelentlik bilen gadam basdy. Şu günler bolsa türkmen halkynyň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan maslahatlardyr dabaralar giň gerime eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has bagtyýar geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiziň ýazan ilkinji “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby türkmen halkyna peşgeş boldy. Kitapda ýaşlaryň öňünde goýlan wezipeler barada aýdylýar. “Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryjy dürdäne sözleri özünde jemleýär. “Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris. Bu gün türkmen ýaşlary diýlende sagdynlyk, ösüş, innowasiýa, erjellik, maksada okgunlylyk ýaly asylly we beýik häsiýetler göz öňünde janlanýar” diýip, ýaşlara bolan mizemez ynamyny belläp geçýär.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamat dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
TSTP