Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Pyragynyň ähmiýtini ýitirmeýän öwüt-ündewleri

Şu ýylyň 18-nji ýanwarynda “Maksatly Türkmen  hojalyk jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Segatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Ýaşlary watançylyk,zähmetsöýerlik, belent ahlaklyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Pyragynyň ähmiýtini ýitirmeýän öwüt-ündewleri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzda ynsanperwerlik, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, lebize ygrarlylyk, parahatçylyk, agzybirlik, dostluk ýaly düşünjeleriň many-mazmunyny öz paýhasly şygyrlary bilen has-da baýlaşdyran, türkmeniň abraý-mertebesini belende göteren beýik akyldar atamyzyň şygyr bossany biz — ýaşlar üçin edep-terbiýe mekdebi, durmuş ýörelgesidigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem, Watançy şahyrymyzyň şygyrlary kalbymyzyň owazyna öwrülip, asyrlarboýy aramyzda ýaşaýandygy, beýik akyldarymyzyň geljekki nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, Berkarar döwletiň bagtyýar nesillerine gowuşandygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligi bilen gyzyklanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP