Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýyly “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Magtymguly Pyragy – Türkmeniň beýik şahyry” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip beýik akyldarymyz barada aýdan çuň manyly sözlerini aýdyp, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň uç-gyraksyz ummandygy we onuň çuňňur öwrenilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýetdigi, akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrülendigi, dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülendigi barada gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlary aman bolmagyny, beýik işleri üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP