Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Gahryman Arkadagly Serdarly – meşhur türkmen danasy Magtymguly Pyragy

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 2024-nji ýyly “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Gahryman Arkadagly Serdarly – meşhur türkmen danasy Magtymguly Pyragy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar 2024-nji ýylyň Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýaşynyň hormatyna “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmeginiň milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak babatynda jemgyýetimiziň ruhy dünýäsine giň derejede täsir etjek taryhy waka bolandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, 2024-nji ýyly şu şygar bilen geçirmegiň we dürli işleri alyp barmagyň ýaşlaryň sagdyn pikirli, işşeňňir, edepli, medeniýetli, watansöýüji bolup ýetişmeklerine, hem-de halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy öwrenmeklerini we sarpa goýmaklaryny has-da ýokary derejede kämilleşdirmeklerine örän uly täsir etjekdigi barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda alada etýän, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP