Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Täze ýylyň şygary mynasybetli duşuşuk maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň ýyladyşhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri hem-de agzalary bilen bilelikde täze ýylyň “Pähim paýhas ummany –Magtymguly Pyragy“ diýlip yglan edilmegi mynasybetli duşuşuk maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda onda çykyş edenler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň partiýa agzalaryny şu ýylyň “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” diýip mynasyp atlandyrylmagy bilen gutlanyldy. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şu günki we geljekdäki işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasydygy, Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylda ähli ugurlarda joş aljak döredijilikli zähmetiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp barjakdygy dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda ýyladyşhananyň agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TSTP