Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Wagyz nesihat çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Balkan welaýatynyň Jebel saherçesiniň çäginde ösen senagat zolagynda ýerleşýän “Demir ölçeg” hususy kärhanasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýyly “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” diýlip mynasyp atlandyrmagy hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli “Demir ölçeg” hususy kärhanasynda zähmet çekýän partiýa agzalary gutlanyldy we olaryň buýsançly çykyşlary diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar il-halkynyň sagdyn, ruhubelent, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP