Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

Maslahat duşuşygy geçirildi

Şu ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň  Berkarar Watanymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirýän beýik işleri” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň başynda onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri okgunly ösüşleriň zamanyna öwrülendigi,  Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan tutumly işleri, döwletli maksatlary günsaýyn rowaç alyp, bedew batly ösüşlere badalga bolýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýetilen guwandyryjy sepgitlerde aýdyň görmek bolýar diýip uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. 

Bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini öňküden hem pugtalandyrýan, döredijilikli, öndürijilikli hem-de netijeli zähmete ruhlandyrýan giň gerimli, döwletli tutumlary wagyz etmek, olaryň many-mazmunyny, öňde goýýan esasy maksatlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmek, wagyz-nesihat işlerini alyp barmak ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Döwletimizi, jemgyýetimizi, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat, sport ulgamlarynyň ösüşlerini, şeýle-de beýleki ugurlarda alnyp barylýan özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge gönükdirilen dürli çärelerimizde şeýle asylly maksatlar mynasyp beýanyny tapýar.

Maslahatyň ahrynda oňa gatnaşanlar bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýan eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz aladalary edýän Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP