Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň hem-de Arkadag şäher gaz hojalyk müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak döwletimiziň ileri tutýan beýik syýasatydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda nebitgaz senagaty hem uly üstünliklere beslenýär we gülläp ösýär. Halkara ähmiýetli ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda. Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi, gurluşygy dowam edýän TOPH gaz geçirijisi döwriň iri taslamalarynyň biridir. Türkmen gazy bu günki gün diňe bir öz ilatymyzyň däl eýsem goňşy döwletleriň milliýonlarçasynyň maşgalasyna ýylylyk paýlaýar. Ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklaryny tapmak we öň bar bolanlarynda kämilleşdiriş işleri geçirilýär. Maslahatyň ahyrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäher gaz gaz hojalyk müdirliginiň işgärlerine, gazanan zähmet üstünlikleri, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýanlygy üçin, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TSTP