Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

“Geliň, kitap okalyň” atly bäsleşik geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmeli” diýen tabşyrygyndan ugur alyp, şeýle-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz komitetiniň gurnamagynda “Geliň, kitap okalyň” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik üç tapgyrda örän çekeleşikli we dartgynly ýagdaýda geçdi. Bäsleşikde esasan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan soraglara jogap bermek arkaly alnyp baryldy. Birinji we ikinji tapgyrlardan üstünlikli geçen ýaşlar bäsleşigimiziň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiş gazananlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hem Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň olaryň ýan kitabyna öwrülendigi, bu kitaplaryň baý many-mazmuna şeýle hem ähli ugurlary öz içine alýandygy barada belläp geçdiler. Bäsleşik ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge we döretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP