Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Baky bagtyň beýany-Bitaraplyk eýýamy

Şu ýylyň 2-nji dekabrynda “Toý mekany hyzmat” hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Baky bagtyň beýany-Bitaraplyk eýýamy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresi joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen utgaşyp, bu baýramçylyk çäresinde bagtyýar, ajaýyp durmuşy peşgeş beren, Watanymyzyň abraý mertebesini belentliklere göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar belentden ýaňlandy.

TSTP