Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Ezber elli gelin-gyzlar milliligimiziň buýsanjy” atly ýaş talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasyna, milli däp-dessurlaryna uly ähmiýet berilýär. Ene-mamalarymyzyň döreden ajaýyp el işleriniň üstünden ençeme asyr geçse-de, olaryň asyl nusgalary, çeperçilik aýratynlyklary ýitirilmän, döwrebap äheňde kämilleşdirilip dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlary özleri üçin edýän çäksiz aladalary hem-de zenan mertebesine goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy hakyndaky tüýs ýürekden çykýan arzuw beýan etdiler.
TSTP