Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi O.Aşyralyýewiň “Çigildem” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar” atly düşündiri-wagyz çäresi geçirildi. Golaýda Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli Goňşyçylyk syýasatyna ygrarly bolup we onuň bitaraplyk ýörelgesine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howupsuzlygyny üpjün etmäge, suw energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Çykyş edenler telekeçilere şeýle işleri ýerine ýetirmeklige hem-de ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary ösdürmeklige hemme taraplaýyn berýän goldawlaryna Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýtdylar.
TSTP