Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň döwletara ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyry” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň özbek paýtagtynda geçirilen 16-njy sammitde agza döwletleriň we tutuş dünýäniň nurana geljegine gönükdirilen başlangyçlary dogrusynda çykyş etdiler. Guramanyň Daşkent sammitinde hormatly Prezidentimiz bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy üç ugruna üns berdi. Olar söwda-ykdysady, ulag-logistika we energetika boýunça hyzmatdaşlyklardyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gurama agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň diňe YHG-nyň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag-kommunikasiýa torlary bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar. Bu işde gurama esasy orunlaryň biri degişlidir. Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy bolsa YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, beýleki ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň şertleri hem hut şu üç jähtde jemlenendir. Daşkent sammitinde öňe sürlen teklipler taraplaryň medeni-ynsanperwer ugurda hem gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar. Maglumatlar bu döwletleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleriň 90-a golaýyny özünde jemleýändigini, olara her ýyl 80 million töweregi syýahatçynyň baryp görýändigini görkezýär diýip belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP