Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwri: Garaşsyz diýarmyzyň daşary syýasat ugrynyň täze tapgyry

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täç hil” hususy kärhanasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwri: Garaşsyz diýarmyzyň daşary syýasat ugrynyň täze tapgyry” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halky asyrlaryň dowamynda hyzmatdaşlyga, dost­doganlyga sarpa goýmak bilen Beýik Ýüpek ýolunyň üstünden geçýän söwdanyň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Munuň özi halkymyza milli gymmatlyklarynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagyna şert döredipdir. 

Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň biri­birleri bilen ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň berkemegi üçin ençeme işleri alyp barandygyny, adam zat döräli bäri onuň ösüşi halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly bolandygy, halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda bolsa ykdysady, syýasy we medeni islegleriň nazara alnandygyny taryhy maglumatlar beýan edýär.

Beýik Ýüpek ýoly Günbatar bilen Gündogary müň ýyllyklaryň dowamynda biri­birine baglanyşdyryp gelen ýoldur. Bu ýol bilen türkmen halky asyrlaryň dowamynda hyzmatdaşlyga, dost­doganlyga sarpa goýmak bilen söwdanyň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda nygtaýşy ýaly: “Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost­doganlygyny bakyýete öwüren altyn ýoldur”  diýip belläp geçdiler.

Umuman, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ösdürilýär. Asylly däbe öwrülen halkara dostlukly gatnaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen­hytaý gatnaşyklar dost­doganlyga hem­de hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydyr. Iki döwlet, iki halk mundan beýläk­de ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýolundan bilelikde ynamly öňe gider.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP