Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Prezidentimiziň türkmen-türk hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň türkmen-türk hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýynyň barha artdyrýar” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk örän täsirli geçip, onda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki at abraýynyň barha belende galýandygyny buýsanç bilen bellediler.  Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe döwletine bolan saparynyň ähmiýeti we geljekde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti, bu ugurda bar bolan mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdiler. Bilişimiz ýaly, “Iki döwlet bir millet” diýen ýörelgä öwrülen Türkiýe doganlyk döwleti bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda hyzmatdaşlyga aýratyn uly orun berildi. Köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda hususy ugur boýunça Türkiýe döwleti bilen  hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijesini berdi. Geljekde bu doganlyk döwlet bilen hyzmatdaşlygyň  täzeçillikde ösdürilmegi Ata-Watanymyzyň dünýädäki at abraýynyň barha ýokary göterilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirjekdigi baradaky buýsançly çykyşlar duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenleriň ählisi  halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP