Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky işjeňligi dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme tapýar

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda Gümrükhananyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky işjeňligi dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme tapýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň günsaýyn ösýändigi, gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly seslenmä eýe bolýandygy baradaky çykyşlar, ýürek joşgunlary duşuşygyň esasy mowzugyna öwrüldi. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy berkitmek, daşky gurşawy goramak ýaly öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde tapýan goldawy we olaryň häzirkizaman ähmiýeti dogrusynda çykyş edenler belläp geçdiler. Duşuşykda ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň Ata-Watanymyzyň halkara arenasynda ylalaşdyryjy merkeze öwrülýändiginiň wajyp orny dogrusynda aýdylyp geçildi. Ondan başga-da ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň giňeldilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde aýratyn bir uly ornunyň bardygy dogrusynda nygtalyp geçildi. Duşuşyk Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň halkara arenasynda at-abraýyny has-da beýgeltmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP