Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar” atly maslahat geçirldi. 

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň eşretli durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi berkitmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy dogrynda belläp geçip, Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren tutumly işleri, asylly başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň şeýledigini Milli Liderimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň geçýän günlerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde bolup geçen ajaýyp waka hem aýdyň subut edýärdigi, Duşenbe duşuşygy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjy döwletleriň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy diýip uly buýsanç bilen belläp, bu sylagyň, şol bir wagtyň özünde, tutuş halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, dostana gatnaşyklaryna hem-de goňşara asudalyga goýýan gadyr-gymmatyny hem şöhlelendirýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP